2026-njy ýylyň 21–23-nji oktýabrynda Aşgabatda geçiriljek “Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026” atly 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň guramaçylykly geçirilmegine halkara energetika kompaniýalary dürli derejeli hemaýatkärler hökmünde goldaw berýärler.
Halkara energetika çäresiniň Baş hemaýatkärleri hökmünde Azerbaýjanyň döwlet nebit kompaniýasy SOCAR we Malaýziýanyň milli nebitgaz kompaniýasy PETRONAS çykyş edýär. Platina derejeli hemaýatkär — Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasy CNPC, altyn derejeli hemaýatkärler — Yug-Neftegaz, Sinopec hem-de Auguste oil & energy kompaniýalary, kümüş derejeli hemaýatkär bolsa SLB kompaniýasy boldy.
OGT 2026 dünýäniň öňdebaryjy energetika kompaniýalaryny, döwlet edaralarynyň wekillerini, maýadarlary, tehnologiýa üpjün edijileri we maliýe guramalaryny bir ýere jemleýän abraýly halkara platforma hökmünde çykyş eder.
Maslahatyň dowamynda energetika howpsuzlygy, durnukly ösüş, täze tehnologiýalar we uzak möhletleýin maýa goýum hyzmatdaşlygy ýaly möhüm ugurlar boýunça pikir alyşmalar geçiriler.
Türkmenistanyň açyk we uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga gönükdirilen syýasaty netijesinde OGT 2026 halkara energetika gatnaşyklaryny ösdürmek, täze taslamalary ara alyp maslahatlaşmak we özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin möhüm meýdança öwrüler.