Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona hem-de ýurduň halkyna Türkmenistanyň halkynyň, Hökümetiniň we hut öz adyndan Täjigistan Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.
Gutlag hatynda döwlet Baştutanymyz Garaşsyzlyk ýyllarynda Täjigistanyň döwlet gurluşyny pugtalandyrmakda, durmuş-ykdysady ösüşi üpjün etmekde hem-de halkara giňişlikde abraýyny ýokarlandyrmakda gazanan üstünliklerini belledi. Şeýle hem Türkmenistanyň Täjigistan bilen dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary yzygiderli ösdürmäge uly ähmiýet berýändigi nygtaldy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow iki ýurduň syýasy, diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygynyň üstünlikli ösdürilýändigini belläp, bilelikdäki tagallalar netijesinde bu gatnaşyklaryň mundan beýläk-de halklaryň bähbidine pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz Prezident Emomali Rahmona berk jan saglyk, bagtyýarlyk we üstünlikleri, Täjigistanyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi.