744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
10.09.2026

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrunda geçirilýän höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara Gutlag iberdi. Döwlet Baştutanymyz ýaş ýerine ýetirijileri bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşmaklary bilen gutlap, olara döredijilikde uly üstünlikleri arzuw etdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.

Gutlagda bellenilişi ýaly, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda gazanylýan giň gerimli üstünlikler, ýurdumyzyň halkara abraýynyň has-da ýokarlanmagy we Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň dabaraly bellenilmegi jemgyýetde watançylyk ruhuny berkitmäge hyzmat edýär. Şeýle hem döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli amala aşyrylýandygy nygtaldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow türkmen aýdym-saz sungatynyň halkymyzyň ruhy-medeni durmuşyndaky möhüm ornuny belläp, milli medeni mirasy baýlaşdyrmakda ýaş zehinleriň uly jogapkärçilik çekýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, ussat halypalaryň döredijilik ýoluny dowam etdirmek, milli ýerine ýetirijilik däplerini öwrenmek we ösdürmek ýaş aýdymçylar üçin esasy wezipeleriň biri hökmünde görkezildi.

Döwlet Baştutanymyz halk arasynda giňden tanalýan aýdymçylaryň hem-de bagşy-sazandalaryň baý döredijilik mirasynyň milli sungatyň gymmatly hazynasydygyny belläp, ýaş zehinleriň özboluşly ýerine ýetirijilik usuly bilen türkmen aýdym-saz sungatynyň geljekki ösüşine mynasyp goşant goşjakdyklaryna ynam bildirdi.

Gutlagynyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylary ýene bir gezek gutlap, olara berk jan saglyk, bagtyýar durmuş we döredijilikde täze üstünlikleri arzuw etdi.