744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
10.09.2026

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 9-njy sentýabrda Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Lýuk Pýer Dewini kabul etdi. Duşuşykda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.

Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berilýändigi bellenilip, gatnaşyklaryň özara hormat, ynanyşmak we umumy bähbitler esasynda ösdürilýändigi nygtaldy. Döwlet Baştutanymyz syýasy dialogy dowam etdirmek hem-de täze hyzmatdaşlyk ugurlaryny ösdürmek üçin mümkinçilikleriň giňdigini aýtdy. Lýuk Pýer Dewin bolsa Türkmenistan ýaly parahatçylyk söýüjilikli we oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine eýerýän ýurtda wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny belläp, Ýewropa Bileleşiginiň ýolbaşçylarynyň mähirli salamyny ýetirdi.

Duşuşykda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar söwda dolanyşygyny artdyrmak, Ýewropa kompaniýalary bilen işewür gatnaşyklary giňeltmek we täze maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Şeýle hem energetika, ulag-logistika, senagat, oba hojalygy, sanly tehnologiýalar we daşky gurşawy goramak ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, Hazarüsti ulag geçelgesiniň mümkinçiliklerini giňeltmegiň hem-de gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça bilelikdäki işleri alyp barmagyň ähmiýetine üns çekildi.

Duşuşykda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň, şol sanda bilim, ylym we medeniýet ulgamlaryndaky gatnaşyklaryň halklaryň arasynda özara düşünişmegi pugtalandyrýandygy nygtaldy.