Geçen hepdede ýokary galyp, aşak düşmelerden soň, penşenbe güni söwdalaryň barşynda nebit durnukly bahasyny saklap galýar.
9:20-däki maglumatlara görä, Brent nebitiniň ICE Futures biržasyndaky bahalary barreli üçin 83,62 dollara deňdir. Bu deslapky söwda görkezijilerinden 0,07% pesdir.
Çarşenbe güni boýunça maglumatlara görä, bu şertnamalaryň bahasy 0,03% ýokarlanyp, 83,68 dollara ýetipdir.
Aprel aýy üçin soňky şertnamalar penşenbe güni tamamlanýar, maý aýy üçin serişdeler bolsa 82,07 dollar bahada saklanýar. Bu deslapky söwda görkezijilerinden 0,1% aşakdyr.
Nýu-Ýorkdaky elektron söwdalar biržasynyň maglumatlaryna görä, WTI nebitiniň aprel üçin şertnamalarynyň bahalary 0,02% aşaklap, 78,52 dollara barypdyr. Deslapky söwdalaryň netijeleri mynasybetli bu şertnamalaryň bahalary 0,4% aşaklap, 78,54 dollardan 78,53 dollara düşüpdir. Energetika ministrliginiň maglumatlaryna görä, ABŞ-da nebit ätiýaçlyklarynyň azalmagy çarşenbe güni WTI nebitiniň bahasynyň aşak düşmeginiň sebäbidir. Geçen hepdäniň dowamynda ABŞ-da harytlyk nebitiň ätiýaçlyklary 4,2 mln barrel artypdyr. Şol bir wagtda Kuşingdäki terminallarda nebit ätiýaçlyklary 1,5 mln barrel artypdyr.
Nebiti çykarmak boýunça wagtlaýyn çäklendirmeleriň ikinji çärýege hem uzaldylmagynyň mümkinligi baradaky habar nebit bazaryna az-kem goltgy boldy.