744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
16.09.2026

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda ýol hereketiniň howpsuzlygyna bagyşlanan wagyz-nesihat çäresi geçirildi. «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäklerinde geçirilen duşuşyga nebitgaz toplumynyň edara-kärhanalarynyň işgärleri gatnaşdylar. Bu barada «Nebit-gaz» gazeti habar berdi.

Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Mejlisiniň, hukuk goraýjy edaralaryň, saglygy goraýyş ulgamynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri çykyş edip, ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek, kanunçylygyň talaplaryny berjaý etmek we sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek boýunça pikirlerini beýan etdiler. Çykyşlarda häzirki döwürde ýurdumyzda raýatlaryň howpsuz we abadan durmuşyny üpjün etmäge aýratyn üns berilýändigi bellenildi. Garaşsyzlyk ýyllarynda gurlan döwrebap ýollar, giň şaýollar we ulag infrastrukturasynyň beýleki desgalary halkyň ýaşaýyş şertlerini has-da gowulandyrýan möhüm ugurlaryň biri hökmünde görkezildi.

Duşuşykda dünýä ölçeglerine laýyklykda gurlan döwrebap ýol desgalarynyň, köp derejeli köprüleriň, aýlawly ýollaryň we pyýada zolaklarynyň hereket howpsuzlygyny üpjün etmekde uly ähmiýete eýedigi nygtaldy. Şeýle hem häzirki zaman tehnologiýalarynyň ulanylmagy bilen sürüjiler we pyýadalar üçin has amatly hem-de howpsuz şertleriň döredilýändigi bellenildi.

Wagyz-nesihat çäresiniň çäklerinde ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmek, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, ýangyn howpsuzlygy kadalaryna eýermek, sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmek ýaly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem çykyşlarda zyýanly endikleriň adam saglygyna ýetirýän täsiri, daşky gurşawy goramak, tebigaty arassa saklamak we jemgyýetde jogapkärçilikli garaýyşlary ösdürmek bilen bagly meselelere aýratyn orun berildi. Çärä gatnaşyjylar ýol hereketiniň howpsuzlygynyň diňe bir degişli edaralaryň däl, eýsem her bir raýatyň jogapkärçiligi bolup durýandygyny belläp, bu ugurdaky wagyz-nesihat işleriniň ähmiýetini nygtadylar.