744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
16.09.2026

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazçykaryş» trestiniň düzümindäki «Goturdepenebit» nebit-gaz çykaryş müdirligi Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk şanly baýramyna barýan döwürde ýokary netijeleri bilen tapawutlanýar. Müdirligiň hünärmenleri «gara altyn» baýlyklaryny netijeli özleşdirmek, önümçiligi artdyrmak we nebit çykaryş işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça yhlasly zähmet çekýärler. Bu barada «Nebit-gaz» gazeti habar berdi.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň başyndan bäri Goturdepe käniniň işgärleriniň tutanýerli zähmeti netijesinde 825 müň 247 tonna nebit çig maly çykaryldy. Bu görkeziji bellenilen meýilnamanyň 112 göterim ýerine ýetirilendigini görkezýär. Şeýle hem kärhana boýunça geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende önümçiligiň ösüş depgini 105,4 göterime ýetdi. Çykarylan nebit çig malynyň möçberi meýilnamadan 88 müň 336 tonna köp boldy.

Goturdepe we Demirgazyk Goturdepe baýlyk känleri Türkmenistanyň iri nebit ýataklarynyň hataryna girýär. Häzirki wagtda bu sebitde 670 guýy netijeli işläp, önümçilik işleriniň durnukly alnyp barylmagyna mümkinçilik berýär. 320 inedördül kilometr meýdany eýeleýän Goturdepe käniniň taryhy geçen asyryň ortalaryna uzalyp gidýär. Bu ýerde ilkinji gözleg-burawlaýyş işleri 1948-nji ýylda başlanyp, soňra 1956-njy ýylda känleri senagat taýdan özleşdirmek boýunça işler täzeden dowam etdirilipdir. Şol ýylda burawlanan ilkinji guýynyň nebit akymyny bermegi bilen, bu baýlyklaryň uly mümkinçilikleri ýüze çykaryldy. Häzirki döwürde Goturdepe käninden gije-gündiziň dowamynda çykarylýan «gara altynyň» möçberi 3 müň 400 tonnadan hem geçýär. Kärhanada önüm berýän guýulara tehniki gözegçilik işleri yzygiderli alnyp barylýar, olaryň netijeli ulanylmagyny üpjün etmek üçin degişli çäreler durmuşa geçirilýär.

Müdirligiň hünärmenleriniň bellemegine görä, Goturdepe käninde nebit gorlarynyň mümkinçilikleri ýokary bolup, täze önümçilik netijelerini gazanmak üçin giň mümkinçilikler bar. Häzirki wagtda müdirlik konserniň düzümindäki nebit-gaz çykaryş bölümleriniň arasynda ýokary görkezijileri bilen tapawutlanýar. Ýokary netijeleriň gazanylmagynda dürli önümçilik bölümleriniň işgärleriniň goşandy uludyr. Nebit-gaz çykaryş operatorlary, ussalar, guýulary abatlamak boýunça hünärmenler we beýleki işgärler önümçiligiň durnukly alnyp barylmagy üçin yhlasly zähmet çekýärler.

«Goturdepenebit» nebit-gaz çykaryş müdirliginiň işgärleri mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk şanly baýramynyň belleniljek ýylyny ýokary ykdysady görkezijiler bilen jemlemek, önümçilikde täze üstünlikleri gazanmak maksady bilen öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmäge çalyşýarlar. Müdirligiň ýolbaşçylarynyň belleýşi ýaly, gazanylýan üstünlikler zähmet toparlarynyň agzybir işiniň, döwrebap önümçilik mümkinçilikleriniň we ýurdumyzyň energetika ulgamyny ösdürmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň netijesidir.