15-nji sentýabrda Koreýa döwlet saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Koreýa Respublikasynyň Premýer-ministri hanym Han Son Sukuň arasynda duşuşyk geçirildi.
Dostlukly ýurduň Premýer-ministri belent mertebeli türkmen myhmanyny mähirli mübärekläp, hormatly Prezidentimiziň şu saparynyň döwletara gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany açýandygyny belledi. Şeýle hem hanym Han Son Suk Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýon bilen Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň arasynda geçirilen ýokary derejedäki gepleşikleriň koreý-türkmen hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmaga kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan edip, hanym Han Son Suky Koreýa Respublikasynyň Premýer-ministri wezipesine bellenilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de oňa bu jogapkärli wezipesinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, dünýä döwletleri bilen hoşniýetli gatnaşyklary we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan Koreýa Respublikasy bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmäge uly üns berýär. Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda Türkmenistan bilen Koreýanyň arasynda dürli ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklaryň alnyp barylýandygyny aýdyp, şu döwlet saparynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bu sapara dostlukly türkmen-koreý gatnaşyklaryny ösdürmekde möhüm tapgyr hem-de olara täze itergi bermek üçin mümkinçilik hökmünde garalýandygyny, ýurtlarymyzy köpýyllyk dostluk, özara hormat goýmak, ynanyşmak gatnaşyklarynyň baglanyşdyrýandygyny belledi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyna diňe bir ygtybarly ykdysady hyzmatdaş däl-de, eýsem, möhüm tehnologik hem-de innowasion hyzmatdaş hökmünde garaýandygyny aýdyp, Premýer-ministr Han Son Suky özi üçin amatly wagtda Türkmenistana gelmäge çagyrdy.
Koreýa Respublikasynyň Premýer-ministri çakylyk üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiziň beýan eden teklipleriniň ähmiýetini belledi.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de Koreýa Respublikasynyň Premýer-ministr Han Son Suk Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljekde hem netijeli ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege jogapkärli döwlet işlerinde üstünlikleri, iki ýurduň dostlukly halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk arzuw etdiler.