Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, gazylyp alynýan peýdaly magdanlaryň önümçilik netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de önümçilik proseslerine häzirki zaman sanly tehnologiýalary we emeli aň mümkinçiliklerini giňden ornaşdyrmak boýunça amala aşyrýan syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň ýangyç-energetika toplumynyň maddy-tehniki binýadyny pugtalandyrmaga we innowasion çözgütleri ösdürmäge berýän yzygiderli goldawy netijesinde, Türkmenistanyň nebitgaz sektory halkara hyzmatdaşlygy täze derejä çykarýar.
Şu maksatnamalara laýyklykda, “Türkmennebit” we “Türkmengaz” döwlet konsernleriniň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde dünýäniň öňdebaryjy IT-gurluşy bolan “Huawei” kompaniýasynyň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri bilen birnäçe netijeli iş duşuşyklary geçirildi.
Saparyň dowamynda «Huawei» wekilleri Türkmenistanyň wekiýetine özleriniň täze telekommunikasiýa, IT we akylly enjamlar boýunça mümkinçiliklerini tanyşdyrdylar. Olar bu tehnologiýalaryň şäher dolandyryşynda, howpsuzlykda we maliýe ulgamynda nähili ulanylýandygyny amaly mysallar bilen türkmen tarabyna düşündirdiler. Şeýle hem Şanhaýdaky merkezde täze önümleriň önümçilige girizilmänkä barlaghanada nähili synagdan geçirilýändigi barada türkmen wekillerine maglumat berdiler.
2026-njy ýylyň 16-njy sentýabrynda geçirilen ýörite iş duşuşygynda esasy üns nebitgaz pudagynyň sanly we intellektual özgertmelerine gönükdirildi. Gepleşikleriň dowamynda “Huawei” kompaniýasynyň dünýäniň CNPC (Hytaý), ADNOC (BAE) ýaly öňdebaryjy nebitgaz kärhanalary bilen emeli aň, bulut hasaplamalary, uly maglumatlaryň seljermesi (Big Data) hem-de “akylly” önümçilik boýunça toplan halkara tejribesi öwrenildi. “Huawei” tarapyndan hödürlenen “Cloud + AI + Big Data + ýokary tizlikli aragatnaşyk + önümçilik maglumatlary” ýörelgesi geologiýa-gözleg işlerinden başlap, turbageçirijileri gözegçilikde saklamaga çenli önümçiligiň prosesini ýokary derejede sanlylaşdyrmaga mümkinçilik berýär.
Duşuşyga “Huawei” kompaniýasynyň degişli ýolbaşçysy hem-de kompaniýanyň Merkezi Aziýa boýunça wise-prezidenti Taylor Zhou gatnaşyp, sebitde gazanylan tejribeler we geljekdäki taslamalar barada çykyş etdiler.
Gepleşikleriň netijesinde “Huawei” kompaniýasy Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň sanly transformasiýasy boýunça giň mümkinçiliklerini hödürledi. Hytaý tarapy önümçilik maglumatlaryny bitewileşdirmek we emeli aňy ornaşdyrmak boýunça synag taslamalaryny bilelikde amala aşyrmagy teklip edip, türkmen tarapyny bu ugra degişli taslamalary bilelikde durmuşa geçirmäge çagyrdy. Bu başlangyçlaryň Türkmenistanyň kanunçylygyna, maglumat howpsuzlygy talaplaryna hem-de “Türkmennebit” döwlet konserniniň önümçilik aýratynlyklaryna doly laýyklykda guralyp bilinjekdigi we üstünlikli amala aşyrylyp biljekdigi bellenildi.