16-njy sentýabrda Koreýa döwlet saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» görnüşindäki işewürler sammitiniň ýörite mejlisine gatnaşdy.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çykyşynyň başynda hemmeleri Merkezi Aziýa döwletleri bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda netijeli dialog üçin möhüm we abraýly işewürlik meýdançasyna öwrülen işewürlik sammitiniň mejlisinde mähirli mübärekläp, bu işewürlik dialogyna ýurtlarymyzyň arasynda giň ugurlar boýunça doly formatly, yzygiderli, uzak möhletli ykdysady, söwda, maýa goýum hem-de işewürlik hyzmatdaşlygyny ösdürmekde wajyp başlangyç nokady hökmünde garaýandygyny aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz şunda işewürlik jemgyýetçiliginiň uly ornuny belläp, öz zähmeti, zehini bilen ýokary netijeleri gazanan jogapkärli hem-de üstünlikli telekeçileriň diňe bir ösüşe goşant goşman, eýsem, Merkezi Aziýa bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky döwletara hyzmatdaşlygyň täze taslamalaryny we görnüşlerini öňe sürmäge, möhüm kararlary kabul etmekde hökümetlere amaly, usuly taýdan goldaw berjekdiklerine hem ynam bildirdi. Munuň özi ýurtlarymyzyň ykdysady ösüşiň täze sepgitlerine tarap bilelikde hereket etmegi üçin berk binýady kemala getirmäge mümkinçilik berer.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz Merkezi Aziýanyň we Koreýa Respublikasynyň ykdysady, tehnologik kuwwatynyň, şeýle-de olaryň ösüş depgininiň iň batyrgaý we geljegi uly maksatnamalary amala aşyrmak babatda giň mümkinçilikleri açýandygyny aýratyn belläp, Türkmenistanyň bu işlere işjeň gatnaşjakdygyny, işewürlik jemgyýetçiliginiň arasynda göni gatnaşyklary, alyşmalary ösdürmek üçin ähli zerur ýardamy bermäge, hyzmatdaşlyk meýillerinde, başlangyçlarynda işewürlik işjeňligini, özbaşdaklygy hem-de innowasiýalary höweslendirmäge taýýardygyny tassyklady.
Bellenilişi ýaly, Koreýa özüni Merkezi Aziýa döwletleriniň ygtybarly we geljegi uly hyzmatdaşy hökmünde görkezdi. Türkmenistan bilelikdäki taslamalary amala aşyrmakda koreý kompaniýalarynyň, maliýe institutlarynyň goşýan uly goşandyna ýokary baha berýär. «Koreý kompaniýalary köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň ygtybarly hyzmatdaşlarydyr. Olaryň gatnaşmagynda biz dürli ulgamlarda iri we uzak möhletleýin taslamalary durmuşa geçirdik hem-de häzirki wagtda hem durmuşa geçirmegi dowam etdirýäris» diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow aýtdy we ýurtlarymyzyň hem-de olara wekilçilik edýän işewürlik düzümleriniň netijeli hyzmatdaşlyk integrasiýasynyň ýoly bilen hereket edip, yklymdaky hem-de dünýädäki häzirki we geljekki geoykdysady gurluşda mynasyp orun eýelemäge ukyplydygyna ynam bildirdi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz şunda Türkmenistanyň ulag-logistika ulgamyna strategik taýdan ileri tutulýan ugur hökmünde garap, oňa aýratyn ähmiýet berýändigini aýtdy hem-de işewür toparlary yklymyň ulag ýollarynyň möhüm çatrygynda ýerleşýän Merkezi Aziýanyň we Koreýanyň geografik taýdan ýerleşişiniň döredýän bähbitlerini hem-de artykmaçlyklaryny işjeň ulanmaga, durnukly ulag geçelgelerini, logistika arabaglanyşygyny döretmäge işjeň gatnaşmaga çagyrdy.
«Ýaňy «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammiti öz işini tamamlady. Onuň öz wagtynda geçirilendigini we amaly taýdan wajypdygyny belleýäris» diýip hormatly Prezidentimiz nygtady. Sammitiň dowamynda pikir alyşmalaryň özara ynanyşmak ýagdaýynda geçendigini we köpugurly hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga bolan umumy maksady tassyklandygyny bellemek gerek.
«Işewürlik sammitiniň netijeleri aýratyn üns berilmäge mynasypdyr. Ol Bilelikdäki Beýannamanyň kabul edilmeginde, hyzmatdaşlygymyza täze itergi berjek hem-de onuň mundan beýläk-de ösdürilmegi üçin berk binýady döretjek ylalaşyklaryň, ähtnamalaryň gol çekilmeginde öz beýanyny tapar» diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow aýtdy we gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüzünde üstünlikli durmuşa geçiriljekdigine hem-de ynanyşmagy berkitmäge, işewürlik gatnaşyklaryny giňeltmäge, onuň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda özara söwdanyň ösmegine hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.
Sözüniň ahyrynda Arkadagly Gahryman Serdarymyz işewürlik sammitine gatnaşyjylara netijeli işleri, gepleşikleriň üstünlikli geçmegini hem-de hyzmatdaşlygy, özara bähbitli ösüşi pugtalandyrmagyň ýolunda täze üstünlikleri arzuw etdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň çykyşy uly üns bilen diňlenildi.
Mejlisiň dowamynda geologiýa, mineral serişdeleri gaýtadan işlemek, energetika ulgamynda, şol sanda «ýaşyl» energetikada bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek, öňdebaryjy koreý tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, multimodal ulag geçelgelerini döretmek, sebitiň üstaşyr geçirijilik mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Soňra Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň adyndan «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşyjy döwlet Baştutanlarynyň hormatyna resmi agşamlyk nahary berildi.