16-njy sentýabrda Koreýa döwlet saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýyl ýazgysynda taryhy sahypany açýan «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy.
Häzirki zaman halkara gatnaşyklarynyň ählumumy özgerýän şertlerinde bu sammitiň geçirilmegi Merkezi Aziýa sebitiniň dünýäniň geosyýasy we geoykdysady ulgamynda barha artýan ornuny görkezýär. Ýokary derejedäki duşuşygyň gün tertibi köpugurly hyzmatdaşlygy uzak möhletleýin strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykarmaga gönükdirilen meseleleriň giň toplumyny öz içine alýar. Döwlet Baştutanlary Ýewraziýa giňişliginde ulag-logistika geçelgelerini diwersifikasiýalaşdyrmak, energetika durnuklylygyny üpjün etmek, senagat kooperasiýasyny giňeltmek, ýokary tehnologiýalary alyşmak, ekologiýa ulgamynda bilelikdäki çäreleri durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşarlar.
Sammitiň dowamynda döwlet Baştutanlary hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna hemmetaraplaýyn baha berip, özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlärler hem-de bu ugurlary durmuşa geçirmegiň bitewi gurallaryny işläp taýýarlarlar. Ýokary derejeli duşuşygyň netijeleri Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam berer.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow öz çykyşynda, ilki bilen, Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýona bildirilen myhmansöýerlik, «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitiniň ýokary guramaçylyk derejesi we bilelikde işlemäge döredilen şertler üçin minnetdarlygyny beýan edip, bu ýokary derejeli duşuşygyň geçirilmegi arkaly Koreýa Respublikasy bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň täze tapgyrynyň binýadynyň goýulýandygyny belledi.
Türkmenistan parahatçylygyň, durnuklylygyň, ynanyşmagyň durnukly ösüşi üpjün edýän hökmany şertlerdiginden ugur alýar. Türkmenistanyň daşary syýasaty Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýar.
«Türkmenistan şäher ösüşini we infrastrukturasyny, täze talaplardyr meýillere laýyk gelýän häzirki zaman urbanistik gurşawyny döretmegi biziň formatymyzyň çäklerindäki bilelikdäki işiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň ýakynda öňe süren «Akylly» şäherleriň diplomatiýasy» başlangyjyna salgylanmak isleýärin. Bu başlangyç tagallalary birleşdirmegi, tejribe we maglumat alyşmagy, ylmy-tehniki gazananlary bilelikde ornaşdyrmagy, umuman, urbanistikanyň, şäher gurluşygynyň integrirlenen, netijeli nusgalaryny döretmegi göz öňünde tutýar» diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz çykyşynda nygtady.
Häzirki wagtda senagat, oba hojalygy, ekologiýa, suw meselesi, saglygy goraýyş, hyzmatlar ulgamy, syýahatçylyk möhüm ugurlar bolup durýar. Bu babatda «Ösüşiň we innowasiýalaryň bähbidine Merkezi Aziýanyň we Koreýa Respublikasynyň geljekki hyzmatdaşlygy» şygary bilen geçiriljek «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» işewürlik sammiti möhüm waka bolar.
«Bilim ulgamynda biz Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Koreýa Respublikasynyň bilim edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini, şol sanda iki diplomlylyk maksatnamalaryny ösdürmegi teklip etdik. Şeýle-de ýaşlaryň sanly bilimlerini artdyrmagy, bilelikdäki olimpiadalary, bäsleşikleri we maslahatlary geçirmegi wajyp hasap edýäris. Ylym ulgamynda ýaş alymlaryň bilelikdäki ylmy-barlag, taslama-gözleg işlerini işjeňleşdirmegi, Ýaşlaryň innowasion pikirlerini ösdürmegi we ornaşdyrmagy goldamak institutyny döretmegi teklip edýäris» diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.
Bellenilişi ýaly, Medeniýet ulgamynda Türkmenistan tarapyndan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň ýaşlarynyň medeniýetara alyşmalarynyň «Ýol kartasy», şeýle-de «Ýaş zehinler» maksatnamasy teklip edildi. Hormatly Prezidentimiz döwletlerimiziň ýaşlaryny birleşdirýän festiwallary, konsertleri, döredijilik bäsleşiklerini we beýleki çäreleri geçirmegi dowam etdirmegiň zerurdygyny aýdyp, sport hyzmatdaşlygyny, şol sanda hünärmenler alyşmalaryny ösdürmegi, sagdyn durmuş ýörelgelerini ilerletmegi, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Koreýa Respublikasynyň Halkara ýaşlar sport oýunlaryny guramak baradaky meselä seretmegi teklip etdi.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň parlament diplomatiýasynyň ösdürilmegine hökümetara hyzmatdaşlygyň möhüm bölegi, ýurtlarymyzyň arasynda ynanyşmagy berkitmegiň netijeli guraly hökmünde garaýandygyny aýdyp, şu sammitiň gatnaşyklaryň aýratyn ugurlaryndan hyzmatdaşlygyň bitewi we uzak möhletleýin ulgamyny kemala getirmäge geçmek üçin mümkinçilik açýandygyna ünsi çekdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow formata gatnaşýan ýurtlaryň arasynda ynanyşmagy, deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmäge ýardam etmäge, bu formatyň işjeň agzasy bolmaga taýýardygyny tassyklap, «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň halklarymyzyň uzak möhletleýin bähbitlerine laýyk gelýändigine we halkara hyzmatdaşlygyň durnukly, netijeli gurallaryny kemala getirmegiň möhüm şertine öwrülmäge ukyplydygyna berk ynam bildirdi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň çykyşy uly üns bilen diňlenildi.
Sammitiň dowamynda döwlet Baştutanlary Koreýa Respublikasynyň tehnologiýalaryny çekmek arkaly Merkezi Aziýa ýurtlarynyň çig mal serişdelerini gaýtadan işlemek, tebigy serişdeleriň gorlaryny bilelikde özleşdirmek, senagat kärhanalaryny gurmak, ulag geçelgelerini döretmek, sebitiň ýurtlaryny dünýä bazarlary bilen baglanyşdyrýan logistika ugurlaryny ösdürmek, emeli aň ulgamynda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak, döwlet hyzmatlaryny sanlylaşdyrmak, «ýaşyl» tehnologiýalary ornaşdyrmak, howanyň üýtgemegine garşy uýgunlaşmak bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Sammitiň jemleri boýunça «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitiniň Seul Jarnamasy kabul edildi.