744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
18.09.2026

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 17-nji sentýabrda geçirilen söwdalaryň netijesinde umumy bahasy 2 000 000,00 manada hem-de 303 500,00 ABŞ dollaryna deň bolan 5 sany iri geleşik baglaşyldy.

Söwdalaşyklaryň çäginde içerki bazaryň wekilleri uly işjeňlik görkezdiler. Ýerli işewürler “Türkmennebit” döwlet konserniniň öndürýän ýokary hilli “TPP D 30 S” kysymly polipropilen önümini satyn almak barada özara bähbitli geleşikleri üstünlikli amala aşyrdylar.

Mundan başga-da, birža söwdalarynda daşarky bazaryň gatnaşyjylary hem netijeli şertnamalara gol çekdiler. Birleşik Arap Emirlikleriniň (BAE) işewür toparlary Türkmenistanyň ýerli telekeçilerinden pagta ýagynyň çökündisiniň ýagly turşulygyny, pagta ýagynyň çökündisiniň distilirlenmedik ýagly turşulygyny hem-de çig matany satyn almak barada ylalaşyk gazandylar. Söwda çäreleri ýurdumyzyň eksport kuwwatynyň we içerki önümçiliginiň barha artýandygyny ýene bir gezek subut etdi.