744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
18.09.2026

Aşgabat şäherindäki Söwda-senagat edarasynda 17-nji sentýabrda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi öz işine başlady. Gözden geçirilişde ýangyç-energetika toplumyna aýratyn orun berlip, «Türkmennebit», «Türkmengaz» döwlet konsernleriniň hem-de «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň diwarlyklarynda milli ykdysadyýetimiziň binýatlaýyn pudaklarynyň ösüşi giňden beýan edilýär. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň hem-de «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň sergi diwarlyklarynda ýurdumyzyň esasy senagat ulgamlarynyň okgunly ösüşi kartalaryň we görkezme materiallarynyň üsti bilen aýdyň şöhlelendirilýär. Bu ýerde çalt depginler bilen döwrebaplaşdyrylýan infrastrukturany, nebit-gaz gorlarynyň eýýäm özleşdirilen we häzirki wagtda işlenilýän känlerini, tebigy gazy daşary ýurtlara akdyrmagyň häzirki hereket edýän hem-de geljegi uly bolan ugurlaryny, ýerasty beýleki baýlyklary, şeýle hem ýurdumyzyň ähli künjeklerini gurşap alýan müňlerçe kilometrlik elektrik geçiriji ulgamlaryny synlamak bolýar.

Nebit-gaz känleriniň özleşdirilişi, daşary ýurtlara mawy ýangyjy ibermegiň ugurlary, geljegi uly bolan «Galkynyş» gaz käniniň senagat taýdan özleşdirilmeginiň 4-nji tapgyry we Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň taslamasy baradaky maglumatlar sergä gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi.

Milli ykdysadyýetimizin bu kuwwatly binýadynyň arkasynda nebitgaz ulgamynyň zähmetkeşleriniň yzygiderli we çekinsiz zähmeti durýar. Watandaşlarymyzyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda gazanýan ýokary zähmet üstünlikleri Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramyna mynasyp zähmet sowgady bolup gowuşýar. Neftçileriň, gazçylaryň hem-de geologlaryň gijeli-gündizli amala aşyrýan işiniň netijesinde ýurdumyzyň ýangyç-energetika kuwwaty barha artýar we belent sepgitlere ýetirilýär.

Mundan başga-da, forumda milli ykdysadyýetimiziň gurluşyk, senagat, ulag-logistika, bank, oba hojalygy hem-de dokma pudaklarynyň, şeýle hem hususy sektoryň gazanan sepgitleri hem-de täze önümli taslamalary tanyşdyryldy. Ýurdumyzyň eksport kuwwatyny we senagatlaşýandygyny görkezýän bu sergi 19-njy sentýabra çenli dowam eder.