Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 18-nji sentýabrda amala aşyrylan söwdalarda jemi 13 million 142 müň ABŞ dollaryna deň bolan 10 geleşik baglaşyldy.
Eksport geleşikleriniň esasy bölegini nebit-himiýa we dokma senagatynyň önümleri eýeledi. Hususan-da, Owganystanyň, Özbegistanyň hem-de Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň işewürleri “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanalary tarapyndan öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Bu önüm daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň arasynda uly islegden peýdalanmagyny dowam etdirýär.
Mundan başga-da, birža söwdalarynyň çäginde dokma senagatyna degişli harytlaryň eksporty hem amala aşyryldy. Gyrgyzystan Respublikasynyň hususy pudagynyň wekilleri ýerli telekeçilerden ýokary hilli nah ýüplügini satyn almak barada şertnamalara gol çekdiler.