744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
19.09.2026

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 18-nji sentýabrda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň barşynda döwlet durmuşynyň dürli ugurlaryna degişli möhüm meseleler ara alnyyp maslahatlaşyldy hem-de degişli çözgütler kabul edildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.

Mejlisde milli kanunçylygy kämilleşdirmek, ilatymyz üçin durmuş kepilliklerini ýokarlandyrmak hem-de nebitgaz toplumynyň işgärlerini ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berildi. Hususan-da, Mary, Balkanabat we Türkmenbaşy şäherlerinde nebitgaz ulgamynyň zähmetkeşleri üçin täze, döwrebap ýaşaýyş jaý toplumdyklarynyň gurluşyk taslamalary barada maglumat berlip, döwlet Baştutanymyz tarapyndan degişli teklipler makullandy.

Oba hojalyk pudagynda bugdaý ekişini öz wagtynda geçirmek, pagta ýygymyny guramaçylykly alyp barmak hem-de azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça wezipeler bellenildi. Senagat ulgamynda bolsa «Tejenkarbamid» zawodynyň önümçilik kuwwatyny artdyrmak maksady bilen degişli Karara gol çekildi. Mundan başga-da, Moskwa şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň 14-nji mejlisiniň taýýarlyk işleri hem-de demir ýol ulagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek meseleleri karara gelindi.

Medeni-ynsanperwer we saglygy goraýyş ulgamlarynda hem birnäçe möhüm kararlar kabul edildi. Ýurdumyzyň muzeýleriniň işini kämilleşdirmek hakynda Karara gol çekilip, Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli Aşgabatda we welaýatlarda täze mediki merkezleri, Arçman şypahanasynyň täze binalar toplumyny açyp ulanmaga bermek we halkara sergini hem-de maslahaty geçirmek göz öňünde tutuldy.

Daşary syýasat ugry boýunça Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň we «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitiniň jemleri barada giňişleýin hasabat diňlenildi. Saparyň çäklerinde 44 sany ikitaraplaýyn resminama gol çekilip, Prezidentimize Songýungwan uniwersitetiniň syýasy ylymlaryň hormatly doktory derejesi hem-de Koreýanyň Halkara söwda assosiasiýasynyň Hormat nyşany gowşuryldy. Şeýle hem intellektual eýeçiligi goramak hem-de halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça täze başlangyçlar öňe sürülip, döwlet Baştutanymyz tarapyndan goldanyldy.