744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
19.09.2026

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 18-nji sentýabrda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Wise-premýer Guwanç Agajanow nebitgaz toplumynyň işgärleriniň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler barada hasabat berdi, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň hünärmenlerini döwrebap ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek maksady bilen Mary, Balkanabat we Türkmenbaşy şäherlerinde täze jaýlaryň gurluşygy meýilleşdirilýär. Hususan-da, Mary şäherinde 720 hojalyga niýetlenen toplumyň ilkinji tapgyrynda 256 öýli 8 sany 4 gatly binany, Balkanabatda 240 hojalyga niýetlenen 10 sany 4 gatly ýaşaýyş jaýyny, Türkmenbaşy şäherinde bolsa 72 öýli 12 gatly döwrebap binany gurmak boýunça degişli taýýarlyklar alnyp barylýar.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, nebitgaz ulgamynyň zähmetkeşleri üçin ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny gurmak işlerini dowam etdirmegiň wajypdygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz hödürlenen teklipleri doly makullap, wise-premýere bu ugurdaky işleri ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.