Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow eziz Diýarymyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň baýram edilýän günlerinde Aşgabatda öz işine başlan Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara Gutlag iberdi. Döwlet Baştutanymyz bu maslahatyň dünýä türkmenlerini bir supranyň başynda jebisleşdirip, dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynam bildirdi.
Gutlagda bellenilişi ýaly, türkmen halkynyň baý medeniýetini, özboluşly däp-dessurlaryny, taryhyny, häzirki döwürde gazananlaryny wagyz etmekde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşigine aýratyn orun degişlidir.
Beýik Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy bellenilýän ýylda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň döredilmegine hem 35 ýyl doldy. Şu geçen döwürde birleşik Zeminiň çar künjeginde ýaşaýan doganlarymyzy bir saçagyň başyna jemläp, Watanymyzyň ösüşlerini dünýä ýaýmak, ykdysady, medeni, ylym, bilim, saglygy goraýyş, syýahatçylyk, telekeçilik ýaly ulgamlarda gatnaşyklarymyzy ösdürmek, maddy we ruhy mirasymyzy baýlaşdyrmak ugrunda netijeli işleri alyp barýar. Birleşigiň agzalary Garaşsyz Türkmenistanyň täze taryhyna şöhratly sahypalary ýazýan şanly wakalara, toý-baýramlarymyza şaýat bolýarlar.
«Halklary birek-birek bilen has-da ýakynlaşdyrmak, dostluk, ynsanperwerlik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerimizi dabaralandyrmak biziň baş maksadymyzdyr. Şundan ugur alyp, biz Ýer ýüzüniň ähli döwletleri, şol sanda türkmenleriň kowçum bolup ýaşaýan ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge uly ähmiýet berýäris. Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň döredilmegi bolsa taryhyň dürli döwürlerinde dünýäniň çar künjeginde mesgen tutunan watandaşlarymyzy bir bitewi ynsanperwer guramanyň daşynda jemlemäge ýol açdy», diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýazdy we daşary ýurtlarda ýaşaýan watandaşlarymyzyň Diýarymyzda durmuşa geçirilýän döwletli işlere buýsanyp, ynsanperwer içeri we daşary syýasatymyzy tüýs ýürekden goldamaklary täze-täze üstünliklere ruhlandyrýandygyny aýtdy.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, berkarar Watanymyzyň şan-şöhratyny mundan beýläk-de belende götermek, dost-doganlyk gatnaşyklarymyzy pugtalandyrmak ugrunda alyp barýan asylly işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.