Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Mian Muhammad Şahbaz Şarife Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri wezipesine saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.
“Siziň Pakistan Yslam Respublikasynyň Hökümetine ýolbaşçylyk etmegiňizde ýurduňyzyň syýasy, durmuş-ykdysady ulgamlarda ösjekdigine, halkara giňişlikde at-abraýyny has-da ýokarlandyrjakdygyna berk ynanýaryn. Biz dostlukly türkmen-pakistan gatnaşyklaryna ýokary baha bermek bilen, ony mundan beýläk-de ösdürmek babatda degişli işleri dowam etdireris” diýlip, hatda bellenilýär.
Şu mümkinçilikden peýdalanyp, döwlet Baştutany Premýer-ministr Mian Muhammad Şahbaz Şarife tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Pakistan Yslam Respublikasynyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.
Belläp geçsek, iki ýurduň gatnaşmagynda durmuşa geçirilýän iri taslamalaryň biri hem Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisidir.