744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
24.09.2026

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hakynda Permana gol çekdi. Şeýle hem Permana laýyklykda, 27-nji sentýabrdaky dynç güni 29-njy sentýabra — sişenbe gününe geçirilýär.

Resminama Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ilatynyň Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni baýramyny dabaraly belläp geçmegi we oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen kabul edildi.

Perman Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasynyň ikinji bölegine laýyklykda çykaryldy. Onuň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek eýeçiliginiň görnüşine garamazdan ähli edaralara, kärhanalara we guramalara tabşyryldy.

Resminama Aşgabatda 2026-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda gol çekildi.

Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.