Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 23-nji sentýabrda ýurdumyzyň 19 raýatyna Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakmak hakynda Permana gol çekdi. Bu çözgüt Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny berkitmekde, milli däp-dessurlarymyzy ösdürmekde, mähriban halkymyzyň agzybirligini hem-de jebisligini pugtalandyrmakda, ýaş nesle edep-terbiýe bermekde uly işleri bitirýändiklerini hem-de durmuşda asylly görelde nusgasyny görkezýändiklerini nazara alyp, şeýle hem hemişelik Bitarap Türkmenistanyň beýik Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli kabul edildi.
Permanda bellenilişi ýaly, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli möhüm meseleleri maslahatlaşyp-geňeşip çözmäge, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmelere parasatly ýaşulularymyz işjeň gatnaşýarlar. Möhüm ähmiýetli başlangyçlara olaryň ak patasy bilen badalga berilýär. Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň içeri we daşary syýasatyny halkymyza wagyz etmekde hem sarpaly ýaşulularymyz netijeli işleri alyp barýarlar. Agzybir jemgyýetimizde ýaşuly nesliň ornuna, ýaşlary watançylyk, zähmetsöýerlik, halallyk, ahlaklylyk we ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde bitirýän hyzmatlaryna döwletimiz ýokary baha berýär.