744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
25.09.2026

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 24-nji sentýabrda geçirilen söwdalarda jemi 9 100 000 manat we 241 950 ABŞ dollary möçberinde 3 geleşik baglaşyldy. Söwdalaryň netijesinde eksport hem-de içerki bazar boýunça birnäçe şertnamalar resmileşdirildi.

Içerki bazarda ýerli işewürler «Türkmennebit» döwlet konserniniň öndürýän «TPP D 30 S» kysymly polipropilenini satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Bu önüm senagatyň dürli pudaklarynda, hususan-da plastmassa önümleriniň önümçiliginde giňden ulanylýan ýokary hilli polimer çig maly hökmünde uly islege eýedir.

Daşarky bazarda bolsa Birleşen Arap Emirlikleriniň işewürleri Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde öndürilen buýan köküniň goýy ekstraktyny, Türkiýe Respublikasynyň işewürleri bolsa ýerli öndürijilerden nah ýüplügini satyn almak barada şertnamalary baglaşdylar.

Geçirilen söwdalaryň netijeleri türkmen önümleriniň halkara bazarlarynda bäsdeşlige ukyplylygynyň artýandygyny hem-de içerki senagat önümlerine bolan islegiň durnukly saklanýandygyny görkezýär.