744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
25.09.2026

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda Aşgabat we Arkadag şäherlerinde 24-nji sentýabrda geçirilen dabaralarda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda, şol sanda nebitgaz ulgamynda netijeli zähmet çekýän öňdebaryjy hünärmenlere ýokary döwlet sylaglary gowşuryldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.

Hormatly Prezidentimiziň degişli Permanlary esasynda döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň artdyrylmagyna, önümçilik kuwwatlyklarynyň ösdürilmegine, täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna we ýurdumyzyň halkara abraýynyň pugtalandyrylmagyna goşant goşan raýatlar döwlet sylaglaryna mynasyp boldular.

Dabaralarda döwlet dolandyryş ulgamynyň, senagatyň, oba hojalygynyň, ulag-aragatnaşyk pudagynyň, ylym-bilim ulgamynyň hem-de beýleki ugurlaryň wekilleri bilen bir hatarda nebitgaz pudagynyň hünärmenleriniň hem zähmet üstünlikleri aýratyn bellenildi. Uzak ýyllaryň dowamynda önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmaga, täze önümçilik çözgütlerini durmuşa geçirmäge we pudagyň ösüşine mynasyp goşant goşan işgärlere döwlet tarapyndan ýokary baha berildi.

Türkmenistanyň nebitgaz toplumy ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň esasy ugurlarynyň biri bolup, bu ulgamda zähmet çekýän hünärmenleriň tejribesi, hünär ussatlygy we yhlasy pudagyň durnukly ösüşiniň möhüm şertidir. Döwlet tarapyndan şeýle zähmetiň höweslendirilmegi önümçilikde täze üstünliklere ýetmäge, öňdebaryjy tejribeleri giňden ornaşdyrmaga ýardam berýär.

Ýokary döwlet sylaglaryna mynasyp bolan ildeşlerimiziň hatarynda dürli ugurlarda, şol sanda senagat, ulag, aragatnaşyk, gurluşyk, oba hojalygy we beýleki ulgamlarda tapawutlanan hünärmenler bilen birlikde, döredijilik işgärleri hem bar. Olara Türkmenistanyň dürli hormatly atlary dakyldy.

Geçirilen dabaralar Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ösüş ýolunda halal zähmetiň, hünär ussatlygynyň we Watana wepalylygyň ýokary derejede sarpalanýandygyny ýene-de bir gezek görkezdi. Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň işgärleri hem geljekde ýurdumyzyň energetika kuwwatyny artdyrmak, önümçiligi ösdürmek we täze sepgitlere ýetmek ugrunda öz tagallalaryny dowam etdirerler.