744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
05.03.2024
Gurbanguly Berdimuhamedow owgan harytlarynyň sergisine baryp gördi we duşuşyk geçirdi

4-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzda ýaýbaňlandyrylan owgan harytlarynyň sergisine baryp gördi we bu ýerde owgan tarapy bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de toplumlaýyn esasda ösdürmegiň meseleleri boýunça duşuşyk geçirdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow sergi bilen tanyşlygy Owganystanyň gurluşykda we bezeg işlerinde ulanylýan daşlary gazyp alýan kompaniýasyna degişli diwarlyklary synlamakdan başlady. Bu ýerde hünärmen kompaniýanyň alyp barýan işleri, onuň çykarýan daşlarynyň görnüşleri, aýratynlyklary barada gürrüň berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyzyň gözel künjekleriniň birinde häzirki zamanyň ýokary halkara görkezijileri esasynda Arkadag şäheriniň bina edilendigini we täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda döwrebap önümçilik enjamlaryna, gurluşyk serişdelerine uly gyzyklanma bildirilýändigini belläp, türkmen tarapynyň owgan kompaniýalarynyň bu işe gatnaşmagy we olaryň hödürleýän teklipleriniň öwrenilmegi bilen baglanyşykly meselelere garamaga taýýardygyny aýtdy.

Gurbanguly Berdimuhamedow dürli ugurlar boýunça görkezilýän harytlar bilen tanyşlygyň dowamynda goňşy ýurtda öndürilen önümler, halylar, şaý-sepler, gurluşyk harytlary, hojalyk we senagat himiýasy ýaly ugurlaryň mümkinçiliklerini synlady.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde owgan tarapynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Owganystanyň arasynda ýangyç-energetika düzümlerine, söwda-ykdysady ugurlara bagyşlanan we beýleki ähmiýetli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Oňa “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk hem gatnaşdy.

Owganystanyň senagat we söwda ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Alhaj Nuruddin Azizi, ilki bilen, türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik hem-de owgan harytlarynyň sergisini guramaga döwlet tarapyndan berlen ýardam üçin hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Alhaj Nuruddin Azizi Türkmenistanyň halkara derejedäki çäreleri geçirmekde baý tejribe toplandygyny we özleriniň goňşy ýurduň tejribesini öwrenmäge, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge uly gyzyklanma bildirýändiklerini aýratyn nygtady.

Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen we owgan halklaryny gadymdan gelýän dostluk, özara hormat goýmak däpleriniň, umumy ruhy, taryhy gymmatlyklaryň baglanyşdyrýandygyny belläp, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan ugur alyp, goňşy Owganystanyň içerki ýagdaýlarynyň kadalaşdyrylmagynda diňe syýasy-diplomatik tagallalaryň tarapdarydygyny aýtdy. Şunuň bilen birlikde ykdysadyýetiň ösmegi we halkyň hal-ýagdaýynyň gowulanmagy ýurduň içerki ýagdaýyna oňyn täsirini ýetirýär. Bu ugurda ýurdumyz anyk işleri durmuşa geçirýär. Ençeme ýyllaryň dowamynda türkmen tarapy Owganystanda köp sanly durmuş desgalaryny, ýagny saglyk öýlerini, mekdepleri gurdy.

Söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag ulgamlary boýunça durmuşa geçirilýän iri taslamalaryň wajypdygyny hem bellemek zerur. Şolaryň hatarynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisi we demir ýol ulgamlary aýratyn orun eýeleýär diýip, Milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Duşuşygyň barşynda myhman üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmekde Türkmenistanyň sebitde möhüm orun eýeleýändigini belläp, owgan tarapynyň Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üstaşyr mümkinçiliklerini peýdalanmaga uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Şeýle hem Owganystanyň, Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň we Türkiýäniň arasynda gol çekilen Ylalaşyga laýyklykda, Beýik Ýüpek ýolunyň ugruny dikeldýän häzirki zaman multimodal üstaşyr ulag geçelgesiniň ähmiýeti barada aýdyldy.

Gurbanguly Berdimuhamedow öňe sürlen teklipleriň öwreniljekdigini belläp, ýurdumyzyň Owganystanyň durmuş-ykdysady we medeni taýdan galkynmagyna ýakyndan goldaw bermegini dowam etdirjekdigini aýtdy.