Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 25-nji sentýabrda geçirilen söwdalaryň netijesinde umumy bahasy 1 435 662,76 ABŞ dollaryna deň bolan 6 sany geleşik hasaba alyndy. Geleşikleriň agramly bölegi daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nebit önümlerini satyn almak boýunça baglaşyldy.
Eksport geleşikleriniň çäginde Türkiýäniň we Owganystanyň täjirçilik wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanalarynda öndürilen «TPP Z 30 G» kysymly polipropileni satyn aldylar. Bu önüm daşarky bazarda uly islege eýe bolmagyny dowam edýär.
Şeýle hem Birleşen Arap Emirlikleriniň, Özbegistanyň hem-de Owganystanyň işewür toparynyň wekilleri biržada ýokary hilli başlangyç ýaglaryny edinmäge uly gyzyklanma bildirdiler. Söwdalaryň barşynda BAE-den we Özbegistandan bolan hyzmatdaşlar «SN-180» kysymly başlangyç ýagyny satyn alan bolsalar, Owganystanyň we Özbegistanyň telekeçileri «SN-600» markaly başlangyç ýagyny satyn almak barada şertnamalara gol çekdiler.
Baglaşylan geleşikler Türkmenistanyň öndürýän nebit önümlerine halkara bazarynda bolan ýokary gyzyklanmany we ýurduň birža söwdalarynyň eksport mümkinçilikleriniň barha artýandygyny ýene bir gezek subut etdi.