744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
26.09.2026

«Oguz han» köşkler toplumynda 25-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, Ýaragly Güýçlerimiziň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedowa «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly ýubileý medalyny gowşurmak dabarasy boldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.

Dabaranyň başynda Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa milli parlamentiň degişli Kararyny okady. Bellenilişi ýaly, bu ýokary döwlet sylagy Prezident Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny hem-de goranmak kuwwatyny pugtalandyrmakda, howpsuzlygy we hukuk tertibini üpjün etmekde bitiren uly hyzmatlary, şeýle hem ýaşlary harby-watançylyk ruhunda terbiýelemekdäki goşandyny göz öňünde tutup gowşuryldy. Şondan soňra Döwlet Baştutanyna ýubileý medaly dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Dabarada Hökümet agzalarynyň adyndan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow hem-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň adyndan Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Begenç Gündogdyýew çykyş edip, hormatly Prezidentimizi ýubileý medaly we Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutladylar. Olar Bitarap Türkmenistanyň goranyş häsiýetli Harby doktrinasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini we Milli goşunyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli berkidilýändigini nygtadylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bildirilen gutlaglar we hormat üçin minnetdarlyk bildirip, gowşurylan ýubileý medalyny tutuş türkmen halkyna berlen ýokary sylag hökmünde kabul edýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz dabaranyň ahyrynda hemmeleri mukaddes Garaşsyzlyk baýramy bilen ýene bir gezek gutlap, eziz Watanymyzyň ösüşleriniň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.