744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
26.09.2026

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň başlyklygynda 25-nji sentýabrda geçirilen Hökümetiň bilelikdäki mejlisinde Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň jemleri hem-de Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy mynasybetli amala aşyrylan işler barada maglumat berdi, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi.

Bellenilişi ýaly, Halk Maslahatynyň mejlisi halk häkimiýetliligiň hem-de milli demokratiýanyň dabaralanmagyny aýdyň görkezip, ýurdumyzyň mundan beýläk-de toplumlaýyn ösmegine gönükdirilen taryhy çözgütleriň kabul edilen uly syýasy-jemgyýetçilik wakasyna öwrüldi.

Mejlisde döwlet Baştutanymyzyň gol çeken «Türkmenistanda ahalteke bedew atlarynyň döwlet goragy hakynda» Kanunynyň kanunçylyk ulgamyny pugtalandyrmakda, milli mirasymyz bolan ahalteke bedewleriniň genofonduny gorap saklamakda we olaryň şan-şöhratyny dünýäde wagyz etmekde öňe sürlen möhüm ädim bolandygy nygtaldy.

Mundan başga-da, milli parlamentiň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiziň degişli tabşyryklaryna laýyklykda, şanly baýramçylyk mynasybetli ýurdumyzyň raýatlaryna döwlet sylaglarynyň dabaraly ýagdaýda gowşurylandygyny habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň mejlisinde kesgitlenen wezipeleriň каbul edilmeginiň ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendigini belledi we bu ugurdaky işleri yzygiderli dowam etmegiň möhümdigini nygtady.