Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 25 sentýabrda geçiren Hökümetiň bilelikdäki mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Bahar Seýidowa Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli geçirilýän çärelere görülen taýýarlyk barada hasabat berdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.
Hasabatda bellenilişi ýaly, baýramçylyk günlerinde ýurdumyzyň medeniýet we sungat ojaklarynda giň gerimli maksatnama amala aşyrylýar. Muzeýlerde sergiler ýaýbaňlandyrylyp, kitaphanalarda, kinoteatrlarda hem-de teatrlarda halkymyzyň bagtyýarlygyny, gahrymançylygyny we watansöýüjiligini dabaralandyrýan sahna oýunlary hem-de film görkezilişleri guralýar.
Şeýle hem şanly baýram mynasybetli ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň hyzmatdaş teleýaýlymlarynda meýilleşdirilen gepleşikler, wideoşekiller taýýarlanyldy. Şol bir wagtda köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan halkara hem-de milli üstünlikleri beýan etmek işleri alnyp barylýar hem-de medeniýet ussatlarynyň dabaraly konsertlerine ýokary derejede taýýarlyk görülýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli geçirilýän dabaralary ýokary guramaçylyk derejesinde guramagyň möhümdigini nygtady we bu babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.