744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
01.10.2026

Aşgabatda geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» (OGT 2026) XXXI halkara maslahatynda Hazar deňziniň türkmen bölegini özleşdirmek we nebitgaz pudagynda maýa goýum mümkinçilikleri esasy meýilnamalaryň birine öwrüler. Bu halkara forumyň göwher hyzmatdaşy hökmünde «Dragon Oil» kompaniýasy çykyş eder. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.

Ýigrimi ýyldan gowrak wagtyň dowamynda Türkmenistanyň deňiz nebitgaz pudagynda halkara operator hökmünde iş alyp barýan «Dragon Oil» kompaniýasy OGT 2026 forumynyň çäklerinde öz baý tejribesini, maýa goýum strategiýasyny we innowasion tehnologiýalaryny paýlaşar. Kompaniýa 2000-nji ýylyň 1-nji maýyndan bäri Hazar deňzindäki takmynan 950 inedördül kilometr meýdany bolan «Çeleken» şertnamalaýyn çäginiň ýeke-täk operatory hökmünde «Jeýtun» we «Jygalybeg» ýataklaryny özleşdirip gelýär.

OGT 2026 maslahatynyň gün tertibinde deňiz ýalpaklygynda geologiýa-gözleg we seýsmiki barlag işlerini geçirmek, döwrebap buraw tehnologiýalaryny ornaşdyrmak hem-de deňiz logistikasyny ösdürmek ýaly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. «Dragon Oil» kompaniýasynyň «Türkmennebit» döwlet konserni bilen hyzmatdaşlykda Önümi paýlaşmak hakyndaky Ylalaşygy 2035-nji ýyla çenli uzaltmagy, Hazar deňzinde uzak möhletleýin taslamalary durnukly durmuşa geçirmäge we täze maýa goýumlary çekmäge giň mümkinçilikler döredýär.

Kompaniýa önümçilik we gözleg-barlag işleriniň tutuş dowamynda sanly hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary giňden ulanmak bilen, bar bolan infrastruktura ýakyn meýdançalarda täze serişdeleri özleşdirmegi maksat edinýär. OGT 2026 halkara maslahatyna hyzmatdaş hökmünde gatnaşjak «Dragon Oil» toplanan halkara tejribesine we häzirki zaman tehniki binýadyna daýanyp, Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny mundan beýläk-de ösdürmäge hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmäge ygrarlydygyny ýene-de bir gezek görkezer.