744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
01.10.2026

Aşgabatda 1–2-nji oktýabrda geçirilýän Maýa goýum forumy öz işine başlady. Forum «Maýa goýum işjeňligi – ykdysadyýetiň depginli we durnukly ösüşiniň esasy şerti» atly plenar mejlis bilen açyldy.

Forumyň başynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Maýa goýum forumyna gatnaşyjylara Gutlagy okaldy. Soňra forumyň «Maýa goýum işjeňligi — ykdysadyýetiň depginli we durnukly ösüşiniň esasy şerti» atly plenar mejlisi açyldy. Plenar mejlisi Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Sýaoszýun Greýs Wan alyp bardy.

Forumyň maksatnamasy sekiz tematik panel mejlisini öz içine alýar. Olar nebitgaz we himiýa pudaklarynyň ösüşine, eksport ugurlaryny we satuw bazarlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga, elektroenergetika pudagyna hem-de täzelenýän energiýa çeşmelerine geçmäge, şeýle hem senagat-gurluşyk toplumynyň ösüşine bagyşlanýar. Aýratyn mejlislerde ulag-logistika we kommunikasiýa infrastrukturasy, şol sanda Hazarüsti ulag geçelgesi, durnukly we elektron söwda, döwlet-hususy hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşylar.

Beýleki mowzuklaryň hatarynda oba hojalyk işewürligi we howanyň üýtgemegine durnukly oba hojalygy, ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak we halkara maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlyk, wirtual aktiwleri düzgünleşdirmek we maýning tehnologiýalary, şeýle hem sanly özgertmeler, maliýe tehnologiýalary, emeli aň we «ýaşyl» geçiş bar. Forumyň ikinji gününde «Maýa goýumlaryň hukuk taýdan düzgünleşdirilişi» atly ugurdaş maslahat geçiriler. Onda Türkmenistanda maýa goýumlar üçin hukuk binýady, strategik pudaklaryň düzgünleşdirilmegi, araçylyk we halkara arbitraž ara alnyp maslahatlaşylar. Maksatnama laýyklykda, forum netijeleri jemlemek boýunça jemleýji mejlis bilen tamamlanar.