744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
07.03.2024
Nebitgazçy zenanlaryň şanyna baýramçylyk dabarasy guraldy

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkezinde Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi tarapyndan guramaçylykly geçirilen baýramçylyk dabarasynda «Türkmengaz» DK-nyň maliýe-ykdysady bölüminiň baş hünärmeni, konserniň Zenanlar guramasynyň başlygy Mähri Mämmedowa, «Türkmennebit» DK-nyň halkara hyzmatdaşlyk we maýa goýum taslamalary bölüminiň baş hünärmeni Çynar Gurtmyradowa, «Türkmengeologiýa» DK-nyň Zenanlar guramasynyň başlygy Güller Orazowa we beýlekiler çykyş etdiler.

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, häzirki döwürde ýurdumyzyň zenanlarynyň ruhy, aň-paýhas we ahlak mümkinçilikleri durmuş meselelerini çözmekde, medeni däpleri gorap saklamakda, ýaş nesli terbiýelemekde barha işjeň ulanylýar. Zenanlar baradaky alada, olaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmak, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda gender deňligini üpjün etmek Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir.

Baýramçylyk dabarasynda Medeni-işewürlik merkeziniň sungat ussatlarynyň taýýarlan konserti ýaýbaňlandyryldy. Aýdymçylar enelere, uýalara, gelin-gyzlara özleriniň iň gowy duýgularyny şatlyk bilen beýan etdiler. Halk bagşylarynyň, folklor, tans toparlarynyň çykyşlarynda geçmişiň we häzirki zamanyň arabaglanyşygy aýdyňlygy bilen açyldy. Belent heňde ýerine ýetirilen şirin nagmalarda zenanlaryň gözelligi, wepalylygy, asyllylygy wasp edildi.

Halkara zenanlar güni mynasybetli geçirilen baýramçylyk konserti Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar nebitgazçy zenanlarynda ýakymly täsir galdyrdy. Baýramçylyk günlerinde Halkara zenanlar güni mynasybetli dabaralar paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň esasy sahnalarynda hem-de konsert zallarynda geçirilýär. Hemme ýerde mähriban zenanlarymyza parahatçylyk, şatlyk, abadançylyk baradaky arzuwlar belentden ýaňlanýar.