744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
10.10.2026

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçen sammite GDA ýurtlarynyň liderleri, GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew hem-de hormatly myhman hökmünde Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ulag, energetika we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk eden döwründe ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge, ulag geçelgelerini ösdürmäge, senagat kooperasiýasyny işjeňleşdirmäge hem-de halkara hukugyň ýörelgelerini ilerletmäge aýratyn üns berendigini aýtdy. Döwlet Baştutany 2029-njy ýyly «GDA-nyň ulag arabaglanyşygynyň ýyly» diýip yglan etmek, BMG-niň Durnukly ulag boýunça onýyllygynyň maksatlaryny bilelikde durmuşa geçirmek hem-de Arkalaşygyň ulag-logistika ulgamynda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak baradaky başlangyçlary öňe sürdi.

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew türkmen-azerbaýjan strategik hyzmatdaşlygynyň täze mazmun bilen baýlaşýandygyny belläp, GDA-nyň syýasy dialogy we sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmekde möhüm orun eýeleýändigini aýtdy. Şeýle hem ol Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň 2027-nji ýylda GDA-da bilelikde başlyklyk etmegi baradaky çözgüdi ýokary bahalady. Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan bolsa Türkmenistanyň başlyklyk döwründe ýerine ýetirilen işleriň Arkalaşygyň çäklerinde hyzmatdaşlygy işjeňleşdirendigini nygtap, Awazada döredilen şertlere ýokary baha berdi.

Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko GDA-nyň 35 ýyllygynyň ähmiýetine ünsi çekip, Arkalaşygyň halklary ýakynlaşdyrýan netijeli meýdança bolup galýandygyny aýtdy. Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistanyň başlyklygynyň netijelerini ýokary bahalap, ykdysady hyzmatdaşlygy, medeni mirasy goramagy we özara ynanyşmagy berkitmegi ileri tutulýan ugurlar hökmünde görkezdi. Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow bolsa türkmen tarapynyň Arkalaşygyň giňişliginde hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça başlangyçlaryna ýokary baha berdi.

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin GDA-nyň 35 ýyllygyna bagyşlanan Bilelikdäki beýannamany goldaýandygyny aýdyp, söwda, maýa goýum we ýokary tehnologiýalar ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhümdigini belledi. Şeýle hem ol Türkmenistanyň başlyklyk döwründe sammitiň ýokary guramaçylyk derejesini aýratyn nygtady. Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon Arkalaşygyň häzirki ösüş depgininiň saklanyp galýandygyny aýdyp, Türkmenistanyň başlyklyk döwründe gazanylan netijelere ýokary baha berdi. Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bolsa GDA giňişliginde maýa goýum we söwda hyzmatdaşlygyny täze derejä çykarmagy, özara ynanyşmagy pugtalandyrmagy döwrüň möhüm wezipesi hökmünde häsiýetlendirdi.

Sammitiň giňişleýin mejlisinde GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew gün tertibindäki meseleler boýunça maglumat berdi. Şeýle hem Rus dili boýunça halkara guramasynyň Baş sekretary Natalýa Boçarowa guramanyň ilkinji alty aýyndaky işiniň netijeleri barada çykyş etdi.

Mejlisiň dowamynda GDA-nyň Hormat hatlary gowşuryldy we Arkalaşygyň döredilmeginiň 35 ýyllygyna bagyşlanan Beýannama, 2027-nji ýylda GDA-da başlyklyk etmek, 2029-njy ýyly «GDA-nyň ulag arabaglanyşygynyň ýyly» diýip yglan etmek hem-de beýleki resminamalar kabul edildi.