744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
13.10.2026

Şu ýylyň 21–23-nji oktýabrynda Aşgabat şäherinde geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy — OGT-2026» 31-nji halkara maslahatyna we sergisine gatnaşmak üçin dünýäniň 65 ýurdundan 1300-den gowrak wekil hasaba alyndy. Halkara işewür toparlarynyň foruma bolan uly gyzyklanmasyny nazara alyp, guramaçylar hasaba alyş möhletiniň 2026-njy ýylyň 15-nji oktýabryna çenli uzaldylandygyny habar berdiler.

«Türkmenistanyň nebiti we gazy — OGT-2026» 31-nji halkara maslahaty energetika kompaniýalarynyň, maýadarlaryň, enjam we tehnologiýa üpjün edijileriniň, şeýle hem Türkmenistanyň nebitgaz pudagy bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýän halkara hyzmatdaşlaryň wekillerini bir ýere jemlär.

Maslahatyň çäklerinde dürli ugurlar boýunça işewür duşuşyklar, şol sanda B2B we B2G görnüşindäki gepleşikler geçirilip, daşary ýurtly gatnaşyjylara Türkmenistanyň energetika edaralary we geljekki hyzmatdaşlar bilen göni gatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilik dörediler.

Maslahatyň esasy gün tertibine «Galkynyş» gaz känini özleşdirmek, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmek, Hazar deňzinde gözleg-barlag işlerini alyp barmak, gazy gaýtadan işlemek we nebithimiýa pudagyny ösdürmek bilen bagly maýa goýum mümkinçilikleri girýär.

«Türkmenistanyň nebiti we gazy — OGT-2026» 31-nji halkara maslahaty Türkmenistanyň energetika pudagynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge, maýa goýum gatnaşyklaryny ösdürmäge we täze işewürlik mümkinçiliklerini döretmäge gönükdirilen möhüm halkara meýdança öwrüler.