744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
13.10.2026

2026-njy ýylyň 10-12-nji oktýabry aralygynda geçirilýän “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň çäklerinde 2026-njy ýylyň 11-nji oktýabrynda Türkmenistandaky Lu Ban ussahanasynyň täze okuw ýylynyň resmi açylyş dabarasy geçirildi. Çäräniň dowamynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň we Hytaý Halk Respublikasynyň hyzmatdaş ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky ylym we bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy, ýaşlaryň hünär bilimini kämilleşdirmek hem-de dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti habar berýär.

Lu Ban ussahanasy Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasy bilen bilim ulgamyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň netijesinde döredildi. Dabarada ýurdumyzda ýaşlaryň geljegini üpjün etmek, bilim ulgamyny ösdürmek we beýleki döwletleriň ýaşlary bilen dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak ugrunda işleriň alnyp barylýandygy bellenildi.

Gutlag sözi bilen Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory, tehniki ylymlaryň doktory, professor Baýrammyrat Atamanow çykyş etdi. Şeýle hem Sian nebit uniwersitetiniň rektory Wan Szinfu, Hebeý nebit hünär-tehniki uniwersitetiniň rektory Ýuý Ligo (sanly ulgam arkaly) we Şensi prowinsiýasynyň Bilim departamentiniň Ýokary bilim bölüminiň müdiri Ýan Pen gutlag sözleri bilen çykyş etdiler.

Dabaranyň dowamynda Baýrammyrat Atamanow «Gazylyp alynýan peýdaly magdanlaryň geologiýasy we gözlegi» hem-de «Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary» taýýarlyk ugurlarynyň birinji ýyl talyplaryna diplomlary gowşurdy.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylara we hormatly myhmanlara minnetdarlyk bildirilip, olara işlerinde uly üstünlikler arzuw edildi. Hytaýly myhmanlar Türkmenistandaky Lu Ban ussahanasynyň geologiýa tejribehanalarynyň we maglumat tehnologiýalary otaglarynyň barlaghana enjamlary, sanly serişdeleri we alnyp barylýan işleri bilen giňişleýin tanyşdyryldy.