«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda wideoaragatnaşyk arkaly «Ekolog» programma üpjünçiligi bilen işlemek boýunça okuw sapagy geçirildi. Ol Ählumumy metan borçnamasyndan gelip çykýan şertleri ýerine ýetirmek maksady bilen guraldy.
Sapak Türkmenistanyň gaz senagatynda geologiýa gözleglerinden we burawlama işlerinden başlap, gazy gaýtadan işlemek we daşamak işlerine çenli daşky gurşawy goramak boýunça resminamalary taýýarlamaga, şeýle hem parnik gazlaryny — metany, kömürturşy gazyny, azot oksidini we beýlekileri — monitoring etmäge bagyşlandy.
Okuw sapagyna «Döwletabatgazçykaryş», «Marygazçykaryş», «Lebapgazçykaryş», «Suwuklandyrylan gazy öndürmek boýunça Lebap önümçilik» müdirlikleriniň we «Türkmengazakdyryş» birleşiginiň hünärmenleri gatnaşdylar.
Gatnaşyjylar «Integral» ulgamynyň ýöriteleşdirilen programmalar toplumynyň mysalynda senagat ekologiýasy meselelerini çözmekde programma serişdelerini ulanmagyň ugurlaryna seretdiler. Bu programmalar dürli ekologik hasaplamalary awtomatlaşdyrmak we resminamalary taýýarlamak üçin niýetlenendir.
Hapalaýjy maddalaryň atmosfera zyňyndylaryna gözegçilik etmek üçin UPRZA «Ekolog» programma üpjünçiligi ulanylýar. Berlen materialda binalaryň täsirini hasaba almazdan, atmosferadaky hapalaýjy maddalaryň ýerüsti iň ýokary konsentrasiýalaryny hasaplaýan esasy modulyň mümkinçilikleri beýan edildi.
Zyňyndylary azaltmak boýunça çäreleri saýlamak aýratyn ugurdyr. Bu maksat bilen zyňyndylary azaltmak üçin iň amatly teklipleri saýlamaga niýetlenen «Norma» moduly gözden geçirildi. Şeýle hem gaz pudagy üçin «GAZ» moduly, gaz geçiriji agregatlardan çykýan zyňyndylary hasaplamaga niýetlenen «GPA-EKOLOG» moduly, gaz gysyjy desgalaryň tehnologik enjamlaryndan çykýan zyňyndylary hasaplamak üçin «KOMPRESSOR STANSIÝALARY» moduly we beýleki modullar beýan edildi.
Onlaýn okuw sapagynyň dowamynda gatnaşyjylar degişli ylmy-amaly we tehniki ugurlar boýunça sorag-jogap alyşdylar.
Çeşme: «Nebit-gaz» gazeti