744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
07.03.2024
Azerbaýjan 1,51 milliard kub metr türkmen gazyny import etdi

Azerbaýjan 2023-nji ýylda Türkmenistandan 1,51 milliard kub metre barabar bolan tebigy gaz import etdi.

Azerbaýjanyň Döwlet statistika komitetiniň berýän maglumatyna görä, hasabat döwründe Azerbaýjanyň Türkmenistandan tebigy gaz importy 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 77 göterim (857 million kub metr) artdy.

Azerbaýjanyň 2023-nji ýylda Türkmenistandan import eden tebigy gazyň umumy bahasy 218,22 million ABŞ dollaryna barabar boldy. Bu bolsa 2022-nji ýylyň görkezijisi bilen deňeşdirilende 96,8 göterim (110,87 million ABŞ dollary) ýokarydyr.

Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 2023-nji ýylda 773,9 million ABŞ dollaryna barabar boldy.