Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 17-nji oktýabrda geçirilen söwdalaryň netijesinde «Türkmennebit» döwlet konserniniň öndürýän nebit önümlerine daşary ýurtly işewürler tarapyndan nobatdaky gezek ýokary gyzyklanma bildirildi.
Birža söwdalarynyň dowamynda Owganystan Yslam Respublikasynyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny satyn almak boýunça eksport geleşigini baglaşdylar. Bu geleşik türkmen nebit önümleriniň daşary bazarlarda bäsdeşlige ukyplydygyny hem-de sebit ýurtlarynda durnukly islegden peýdalanýandygyny nobatdaky gezek görkezdi.
Söwdalaryň jemleri boýunça umumy bahasy 719 müň 250 ABŞ dollaryna deň bolan bir eksport geleşigi hasaba alyndy. Döwlet haryt-çig mal biržasynda yzygiderli geçirilýän söwdalar milli önüm öndürijileriň eksport mümkinçiliklerini giňeltmäge, halkara söwda gatnaşyklaryny ösdürmäge hem-de Türkmenistanyň nebit önümleriniň dünýä bazarlaryndaky ornuny pugtalandyrmaga ýardam berýär.