Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 2026-njy ýylyň 42-nji hepdesinde geçirilen söwdalarda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen jemi 17 million 5 müň 311 ABŞ dollaryna barabar 5 eksport geleşigi baglaşyldy. Söwdalaryň esasy bölegini “Türkmennebit” döwlet konserniniň gidrousulda arassalanan dizel ýangyjynyň ýerlenilmegi boýunça Owganystanyň işewürleri bilen geçirilen geleşikler düzdi.
Hasabat döwründe Owganystanyň kompaniýalary tarapyndan “Türkmennebit” döwlet konserninden dizel ýangyjyny satyn almak boýunça jemi 16 million 765 müň 500 ABŞ dollaryna deň bolan 3 geleşik amala aşyryldy.
Şeýle hem hepdäniň dowamynda Gonkongyň işewürleri Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden 14 müň 850 ABŞ dollarlyk guradylan arassalanmadyk buýan köki we kök baldaklaryny satyn almak barada şertnama baglaşdylar.
Mundan başga-da, Birleşen Arap Emirlikleriniň işewürleri ýerli telekeçilerden 224 müň 961 ABŞ dollaryna barabar nah ýüplügini we dokma önümlerini satyn aldylar.