744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
19.10.2026

Aşgabatda 16-njy oktýabrda Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy bilen Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde geçiren Türkmenistan-Hindistan söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyna bagyşlanan ýörite çäresinde iki ýurduň işewür gatnaşyklaryny giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyga Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygynyň orunbasary Azat Nazarow, döwlet edaralarynyň wekilleri, işewürler we beýleki myhmanlar gatnaşyp, söwda, oba hojalygy, saglygy goraýyş, derman senagaty, himiýa, nebitgaz hem-de gaýtadan dikeldilýän energetika ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki ugurlaryny kesgitlediler. Bu barada ilçihananyň metbugat gullugy habar berdi.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygynyň orunbasary Azat Nazarow çykyşynda Türkmenistan bilen Hindistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň uzak taryhynyň bardygyny belläp, söwda-ykdysady we işewür hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak üçin Türkmenistanyň taýýardygyny aýtdy.

Hindistanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bandaru Wilsonbabu Hindistanyň soňky 12 ýylda gazanan ösüşlerine ünsi çekip, Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň geljekde hem giňeldilmegi üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Ol esasan oba hojalygy, saglygy goraýyş we derman senagaty, himiýa önümleri, dökün önümçiligi, nebitgaz pudagy hem-de gaýtadan dikeldilýän energiýa ugurlaryny özara gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlary hökmünde görkezdi. Ilçi Hindistanyň öz ösüş tejribesini we hünär mümkinçiliklerini Türkmenistan bilen paýlaşmaga taýýardygyny hem nygtady.

Duşuşygyň dowamynda Hindistanyň soňky on ýylda esasy senagat ugurlarynda gazanan üstünliklerini görkezýän wideoýazgy görkezildi. Şeýle-de Hindistanyň Ilçihanasynyň ýerli ýoga mugallymy tarapyndan ýörite görkezme geçirildi. Çäräniň çäklerinde hindi aýdymlary ýerine ýetirildi, Hindistanyň dürli ştatlarynyň milli el hünärleriniň nusgalary hem-de aýurwedik önümleri görkezildi.