Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda 17-nji oktýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň möhüm ugurlarynda alnyp barylýan işler, şol sanda nebitgaz toplumyny ösdürmek boýunça öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Guwanç Agajanow “Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026” atly XXXI halkara maslahatyna we sergisine taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi.
Wise-premýeriň bellemegine görä, döwlet Baştutanymyzyň degişli Kararyna laýyklykda, Aşgabat şäherinde geçiriljek iri halkara çäräniň guramaçylyk işlerine giň gerim berildi. Bu forum Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçiliklerini dünýä jemgyýetçiligine giňden tanyşdyrmak, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek hem-de ýurdumyzyň energetika ulgamyndaky mümkinçiliklerini açyp görkezmek üçin möhüm meýdança bolar.
“Energiýa. Hyzmatdaşlyk. Ösüş” diýen şygar astynda geçiriljek halkara maslahatynyň çäklerinde umumy mejlisler, ugurlaýyn duşuşyklar, “tegelek stoluň” başyndaky pikir alyşmalar hem-de ikitaraplaýyn gepleşikler guralar. Şeýle hem çäräniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça degişli teklipler döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenildi.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny ösdürmekde, halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmekde we öňdebaryjy tejribeleri çekmekde halkara maslahatlaryň hem-de sergileriň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi. Döwlet Baştutanymyz “Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026” atly halkara maslahatyny we sergisini ýokary derejede geçirmek, onuň netijeliligini üpjün etmek boýunça wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.