744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
22.10.2026

Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — OGT 2026» atly 31-nji halkara maslahatynyň çäklerinde 21-nji oktýabrda «Türkmenistanyň energetika strategiýasy: sebitara arabaglanyşyk we halkara hyzmatdaşlygy» atly açylyş plenar mejlisi geçirildi. Onda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri, ýurduň parlamentiniň agzasy Akmal Nasrullah bin Mohd Nasir çykyş edip, Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky uzak möhletleýin energetika hyzmatdaşlygynyň ähmiýetini belledi.

Malaýziýanyň wekili türkmen tarapyna halkara maslahata gatnaşmak üçin döredilen şertler we myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, özüniň şu ýyl Aşgabat şäherine ikinji gezek gelýändigini aýtdy. Onuň belleýşi ýaly, bu ýagdaý iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň we ýokary derejedäki hyzmatdaşlygyň aýdyň beýany bolup durýar.

Akmal Nasir Türkmenistan bilen Malaýziýanyň 30 ýyldan gowrak wagt bäri özara ynanyşmaga, amaly hyzmatdaşlyga we umumy bähbitlere esaslanýan gatnaşyklary ösdürip gelýändigini nygtady. Ol Malaýziýanyň «PETRONAS» kompaniýasynyň 1996-njy ýyldan bäri Türkmenistanda alyp barýan işleriniň diňe bir uglewodorod serişdelerini özleşdirmek bilen çäklenmän, eýsem ýerli infrastruktura, hünärmenleri taýýarlamak we energetika pudagynyň mümkinçiliklerini ösdürmek ugurlaryna hem goşant goşandygyny aýtdy.

Malaýziýanyň ministri şu ýylyň iýun aýynda iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda geçirilen duşuşykda Türkmenistan bilen Malaýziýanyň energetika, hususan-da nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassyklandyklaryny belledi. Şol saparyň dowamynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Guwanç Agajanow bilen Malaýziýanyň hökümetiniň arasynda Türkmenistanyň uglewodorod serişdelerini özleşdirmek boýunça uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk hakynda Çarçuwaly ylalaşyga gol çekilendigini ýatlatdy.

Akmal Nasir Malaýziýanyň OGT 2026 halkara maslahatyna giň wekilçilikli topar bilen gatnaşýandygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, foruma nebitgaz hyzmatlary we enjamlary (OGSE) ulgamynda işleýän 20-ä golaý malaýziýaly kompaniýa gatnaşýar, olaryň ýedisi Malaýziýanyň ilkinji milli pawilýonynda öz önümlerini we mümkinçiliklerini görkezýär. Bu başlangyç Malaýziýanyň nebit serişdeleri boýunça korporasiýasynyň (MPRC) halkara bazarlara çykmak maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyrylýar.

Çykyşda energetika hyzmatdaşlygynyň esasy maksadynyň diňe şertnamalary baglaşmak bilen çäklenmän, eýsem hyzmatdaş ýurtlar üçin hakyky ykdysady gymmatlyklary döretmekden ybaratdygy aýratyn nygtaldy. Malaýziýanyň kompaniýalarynyň Türkmenistanda iş orunlaryny döretmäge, ýerli hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmaga, tehnologiýalary geçirmäge we milli üpjünçilik zynjyrlaryny ösdürmäge goşant goşmaga taýýardygy bellenildi.

Malaýziýanyň wekili öz ýurdunyň kompaniýalarynyň Türkmenistan bilen diňe üpjün ediji hökmünde däl-de, uzak möhletleýin strategik hyzmatdaş hökmünde çykyş etmäge taýýardygyny aýtdy. Ol iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljekde hem energetika pudagynda dünýä derejesindäki bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge, täze mümkinçilikleri döretmäge we dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.