Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda çykyş eden CNPC International Turkmenistan kompaniýasynyň baş direktory Du Ýumin 2026-njy ýylyň 30-njy sentýabry ýagdaýyna görä, Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda amala aşyrylan tebigy gaz söwdasynyň umumy möçberiniň 477 milliard kub metre ýetendigini mälim etdi.
Onuň bellemegine görä, Türkmenistan — Hytaý magistral gaz geçirijisi arkaly tebigy gazyň durnukly iberilmeginiň ygtybarly çeşmesini 2007-nji ýylda baglaşylan Önümi paýlaşmak hakynda şertnamanyň esasynda özleşdirilýän Amyderýanyň sag kenaryndaky «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çäginiň gaz känleri emele getirýär. Bu taslamalar iki ýurduň energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygynyň möhüm binýadyna öwrüldi.
Du Ýumin strategik hyzmatdaşlygyň täze tapgyra çykandygyny hem nygtady. Onuň sözlerine görä, 2026-njy ýylyň 17-nji aprelinde Mary welaýatynda dünýäniň iň iri gaz ýataklarynyň biri bolan «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň IV tapgyrynyň işe girizilmegi bu ugurdaky hyzmatdaşlyga täze itergi berdi. Dabara türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň gatnaşmagy taslamanyň iki ýurt üçin strategik ähmiýetini görkezdi.
CNPC-niň ýolbaşçysy kompaniýanyň mundan beýläk hem türkmen hyzmatdaşlary bilen iri energetika taslamalaryny durmuşa geçirmekde tehnologik, inženerçilik we maýa goýum mümkinçiliklerini utgaşdyrmaga taýýardygyny tassyklady. Onuň bellemegine görä, hyzmatdaşlygyň geljekki ösüşi diňe bir gaz çykarylyşynyň we iberilişiniň möçberlerini artdyrmak bilen çäklenmän, eýsem häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, önümçilik işlerini sanlylaşdyrmak, önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de ekologiýa taýdan jogapkär çözgütleri giňden ulanmak bilen berkidilmelidir.