744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
22.10.2026

Türkmenistanyň tebigy gazyny Hazar deňziniň üsti bilen geçjek Transhazar gaz geçirijisi arkaly Türkiýä, ondan bolsa bu ýurduň ösen gaz geçiriji ulgamlarynyň üsti bilen Ýewropa bazarlaryna ibermek Türkmenistan bilen Türkiýäniň energetika hyzmatdaşlygynyň geljekki strategik ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenilýär. Bu barada Türkiýäniň «BOTAŞ» döwlet kompaniýasynyň Baş direktory Abdulwahit Fidan Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — OGT 2026» atly 31-nji halkara maslahatyndaky çykyşynda belledi.

Çykyşda 2025-nji ýylda türkmen gazynyň Türkiýä iberilip başlanmagynyň iki ýurduň energetika hyzmatdaşlygynda täze tapgyry açandygy nygtalyp, munuň has giň gerimli we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň binýadyny döredendigi bellenildi. Şeýle hem gaz üpjünçiligi ulgamynda durnukly, ygtybarly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmegiň häzirki döwrüň möhüm wezipesi hökmünde görkezildi.

Maslahatda Aşgabatda geçirilen Türkmenistan bilen Türkiýäniň Hökümetara ykdysady toparynyň 9-njy mejlisinde energetika hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak boýunça gazanylan ylalaşyklaryň hem bu ugurdaky işleri işjeňleşdirmek üçin möhüm esas bolup hyzmat edýändigi bellenildi. Şeýle-de, sebit energetika arabaglanyşygyny ösdürmegiň Türkiýäniň energetika syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygy, Transhazar gaz geçirijisiniň geljekde bu maksatlaryň amala aşyrylmagynda möhüm orun eýeläp biljekdigi nygtaldy.

Şeýle hem Türkiýäniň giň gaz geçiriji ulgamy, ösen infrastruktura mümkinçilikleri we halkara bazarlaryna çykalgalary türkmen gazyny täze ugurlar boýunça ibermek üçin amatly şertleri döredýändigi bellenildi. Munuň bilen birlikde, bu mümkinçilikleri amaly taslamalara öwürmek üçin gaz öndürijileriň, ulag-üstaşyr düzümleriniň we sarp edijileriň arasynda tehniki hem-de täjirçilik meseleleri boýunça özara ylalaşygy gazanmagyň zerurdygy nygtaldy.