744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
22.10.2026

Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda Azerbaýjanyň energetika ministriniň orunbasary Kýamal Abbasow Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňeltmäge uly mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy. Onuň bellemegine görä, Azerbaýjanyň Döwlet nebit kompaniýasy (SOCAR) türkmen hyzmatdaşlary bilen çig nebit, nebit önümleri we nebithimiýa önümleriniň söwdasyny dowam etdirmäge, şeýle hem türkmen çig nebitini Azerbaýjanda gaýtadan işläp, halkara bazarlaryna eksport etmäge gyzyklanma bildirýär.

Çykyşda bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda iki ýurduň nebit-logistika hyzmatdaşlygy täze netijeleri gazandy. Hususan-da, 2023-nji ýyldan 2026-njy ýylyň awgust aýyna çenli Baku — Tbilisi — Jeýhan (BTJ) nebit geçirijisi arkaly dünýä bazarlaryna 10 million tonna golaý türkmen çig nebiti ugradyldy. Bu görkeziji Hazar sebitindäki energetika hyzmatdaşlygynyň netijeliligini tassyklaýar.

Kýamal Abbasow energetika pudagynyň Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri bolmagynda galýandygyny nygtady. Onuň sözlerine görä, iki ýurt köp ýyllaryň dowamynda çig nebitiň, nebit önümleriniň hem-de nebithimiýa önümleriniň söwdasy boýunça özara bähbitli gatnaşyklary ösdürip gelýär.

Azerbaýjan wekili 2026-njy ýylyň 22–23-nji iýunynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Azerbaýjana amala aşyran döwlet saparynyň energetika hyzmatdaşlygynyň täze tapgyryna badalga berendigini aýtdy. Saparyň dowamynda kabul edilen Bilelikdäki beýannamada iki ýurduň baý energetika mümkinçilikleri tassyklanyp, bu ugur hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlenildi. Şeýle hem şol saparyň dowamynda gol çekilen hökümetara energetika hyzmatdaşlygy baradaky ylalaşyk ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň hukuk binýadyny has-da berkidip, täze taslamalary durmuşa geçirmek üçin amatly şertleri döretdi.

Kýamal Abbasowyň bellemegine görä, SOCAR türkmen hyzmatdaşlary bilen nebit we nebit önümleriniň iberilişi, söwdasy hem-de türkmen çig nebitini Azerbaýjanyň gaýtadan işleýiş kuwwatlyklarynda gaýtadan işläp, daşary bazarlara çykarmak boýunça hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardyr.

Maslahatyň dowamynda energetika hyzmatdaşlygynyň geljegi barada hem durlup geçildi. Azerbaýjanyň energetika ministriniň orunbasary Merkezi Aziýany Ýewropa bilen baglanyşdyrýan möhüm energetika merkezleriniň biri hökmünde Azerbaýjanyň ornuna ünsi çekip, «Merkezi Aziýa — Azerbaýjan» ýaşyl energetika geçelgesi taslamasynyň sebit hyzmatdaşlygyny täze derejä çykaryp biljekdigini aýtdy. Onuň bellemegine görä, häzirki wagtda Azerbaýjan, Gazagystan we Özbegistan tarapyndan durmuşa geçirilýän bu başlangyç geljekde Türkmenistanyň hem gatnaşmagy bilen has giň gerime eýe bolup biler.

Şeýle-de ol Türkmenistanyň elektrik energetikasy ulgamynda hem uly mümkinçiliklere eýedigini belläp, türkmen elektrik energiýasyny Azerbaýjanyň üsti bilen Ýewropa ýurtlaryna eksport etmegiň mümkinçiliklerini bilelikde öwrenmäge taýýardyklaryny aýtdy. Onuň pikiriçe, iki ýurduň hökümetleriniň we energetika kompaniýalarynyň arasynda yzygiderli alnyp barylýan dialog bu ugurdaky başlangyçlaryň anyk taslamalara öwrülmegine ýardam berer.