744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
28.10.2026

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň «Nebitdag» buraw işleri müdirliginiň hünärmenleri ýylyň geçen dokuz aýyny ýokary zähmet görkezijileri bilen jemlediler. Hasabat döwründe müdirligiň tapawutlanan işgärleri dag jynslarynyň 15 müň 485 metr ýerasty gözleg-barlag işlerini geçirmegi başardylar. Bu barada «Nebit-gaz» gazeti habar berdi.

Döwrebap we kuwwatly buraw desgalaryna başarjaň erk edýän hünärmenler ýanwar — sentýabr aýlarynda jemi sekiz sany ulanyş maksatly guýuda buraw işlerini üstünlikli tamamladylar. Bu bolsa kärhananyň önümçilik kuwwatynyň durnukly artýandygyny görkezýär.

Häzirki wagtda müdirligiň zähmet toparlary Günbatar Türkmenistanyň çäklerindäki uglewodorod çig malyna baý bolan Barsagelmez, Goturdepe we Uzynada ýaly ýataklarda täze guýularda gazuw işlerini üstünlikli dowam etdirýärler. Bu täze guýularyň ulanyşa tabşyrylmagy bilen konsern boýunça nebit we tebigy gazyň çykarylýan möçberleriniň has-da artmagyna garaşylýar.