Moskwa şäherinde 27-nji oktýabrda Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumyna gatnaşyjy döwletleriň we hökümetleriň baştutanlarynyň VIII sammiti geçirildi. Halkara söwda merkezinde geçirilen ýokary derejeli duşuşyga Türkmenistan hem myhman hökmünde gatnaşdy. Türkmenistanyň wekiliýetine Türkmenistanyň döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew ýolbaşçylyk etdi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berdi.
Sammitiň dowamynda gatnaşyjylar dünýä energetika ulgamynda tebigy gazyň ähmiýetini, onuň ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmekdäki ornuny hem-de bu strategik energiýa serişdesiniň halkara bazarlaryna ygtybarly ýetirilmegini üpjün etmek boýunça hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşykda häzirki döwürde tebigy gaz pudagynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň, önümçilik we eksport mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmagyň, şeýle hem energetika ulgamynyň durnukly ösüşini üpjün etmegiň wajyp meselelerine aýratyn üns berildi.
Dünýäde tebigy gaz gorlary boýunça öňdebaryjy ýurtlaryň hatarynda durýan Türkmenistan energetika ulgamynda uzak möhletleýin we toplumlaýyn ösüş strategiýasyny durmuşa geçirýär. Ýurdumyzda gaz känlerini jogapkärçilikli özleşdirmek, döwrebap önümçilik we ulag infrastrukturasyny döretmek, gazy gaýtadan işlemek, nebitgazhimiýa önümçiligini ösdürmek hem-de täze tehnologiýalary ornaşdyrmak ugurlarynda giň gerimli işler alnyp barylýar.
Türkmenistanyň energetika syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak, energiýa serişdeleriniň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak we halkara hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini döretmekden ybaratdyr. Bu çemeleşme dünýä energetika bazarynda ygtybarly we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir.
Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumynyň VIII sammitiniň jemleri boýunça gatnaşyjylar tarapyndan Moskwa jarnamasy kabul edildi. Resminama forumyň çäklerinde alnyp maslahatlaşylan meseleleri we hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny şöhlelendirdi.