744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
29.10.2026

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Garaşsyz Watanymyzy ösüşiň täze belentliklerine alyp barýan, sagdyn jemgyýeti kemala getirmek boýunça durmuşa geçirilýän toplumlaýyn işler üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk sözleri beýan edildi. Halkymyzyň we her bir raýatyň saglygy baradaky alada Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.

Uniwersitetiniň ilkinji zenanlar guramasy tarapyndan Talyplar saglyk öýi bilen bilelikde geçirilen duşuşykda bellenilişi ýaly, Türkmenistanda ilatyň saglygyny goramak hem-de berkitmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek ugrunda uly üstünlikler gazanyldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow: «Adamyň saglygy – bu şahsy baýlygy, halkyň saglygy – bu döwletiň baýlygy» diýip nygtaýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz ynsan saglygyny berkitmek boýunça çäreleri durmuşa geçirmek üçin ähli şertleri döredýär. Muňa hassahanalaryň, halkara merkezleriň açylyp, ulanmaga berilmegi şaýatlyk edýär. Şol bir wagtyň özünde, nygtalyşy ýaly, her bir adamyň öz saglygyny gorap saklamakda şahsy jogapkärçiliginiň bardygyny unutmaly däldir.

Talyplaryň adyndan ýaşlaryň ruhy sagdyn, bedeni berk, ylymly-bilimli bolmagy ugrunda edilýän alada üçin minnetdarlyk bildirildi. Ýaşlara döwlet Baştutanymyzyň ynamyny ödemegi, gowy okamagy, gelejekde ýurdumyzy ösdürjek ýokary derejeli hünärmenler bolup ýetişmegi arzuw edildi.