Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary we talyp ýaşlary MAMA «Ene Tebigat» atly halkara sungat sergisine baryp gördüler. Sergi 2026-njy ýylyň 20-nji oktýabryndan 30-njy noýabryna çenli Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler zalynda işleýär.
Aşgabat şäheriniň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary üçin gezelenç saparyny Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de Magtymguly adyndaky Türkmenistanyň Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi gurnady.
Sergi Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Geýdar Aliýew gaznasynyň hyzmatdaşlygynyň çäklerinde gurnaldy.
Sergi adam bilen tebigatyň sazlaşygyna, daşky gurşawy goramaga, tebigata aýawly çemeleşmäge, şeýle hem ýaş nesilde ekologiýa medeniýetini kemala getirmäge bagyşlanýar.