744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
30.10.2026

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyp gyzlarynyň arasynda «Ornuňyz tördedir sarpaňyz belent, ýaşaýyşa ýarandyr mährem zenanlar» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyk Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi bilen Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilelikde guraldy.

Duşuşygyň maksady türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan ýurt bähbitli, halk ähmiýetli içeri we daşary syýasatyny wagyz etmekden ybarat boldy.

Şeýle hem duşuşyk eziz Diýarymyzyň ýeten belent sepgitlerini, halkara abraýyny, bedew batly ösüşini hem-de pederlerimizden miras galan milliligimizi, däp-dessurlarymyzy, edep-terbiýäni, maşgala mukaddesligini wagyz etmäge gönükdirildi.