«Hazar Logistik» hojalyk jemgyýeti Aşgabatdaky edara binasynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary bilen duşuşyk geçirdi.
Kompaniýada şeýle duşuşyklaryň gymmatynyň diňe onuň işi bilen tanyşdyrmakda däldigi bellenildi. Guramaçylaryň pikiriçe, şeýle duşuşyklar talyplara kitapdan alan bilimlerini hakyky tejribe bilen baglanyşdyrmaga, öz mümkinçiliklerini görmäge ýardam berýär. Kompaniýada ýaşlaryň saýlan hünärine gyzyklanma bilen garaýandygy hem kanagatlanma bilen bellenildi.
Talyplara bilimli we jogapkärli hünärmenler bolup ýetişmek arzuw edildi.