744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
30.10.2026

Aşgabatda 29–30-njy oktýabrda geçirilýän metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça Sebit konferensiýasynda Ýewropa Bileleşigi Türkmenistanyň howanyň üýtgemegine garşy göreş we ekologiýa durnuklylygyny üpjün etmek ugurlaryndaky başlangyçlaryna ýokary baha berdi. Bu barada Türkmenistan: Altyn asyr elektron gazeti habar berdi.

«Metan baradaky maglumatlardan hereketlere: Merkezi Aziýada metan zyňyndylaryny dolandyrmagy güýçlendirmek, maýa goýumlary herekete getirmek we sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek» atly forumda çykyş eden Türkmenistandaky Ýewropa Bileleşiginiň wekiliýet başlygynyň orunbasary Macheý Adam Madalinski Türkmenistanyň Merkezi Aziýada metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça halkara başlangyçlara işjeň gatnaşýan öňdebaryjy ýurtlaryň biridigini belledi.

Diplomatyň bellemegine görä, Türkmenistan bu ugurda halkara hyzmatdaşlyga goşulyp, metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça netijeli çäreleri durmuşa geçirýär. Bu işler diňe bir howanyň üýtgemegine garşy göreşe däl, eýsem, dünýä ekoulgamynyň goralmagyna hem möhüm goşant goşýar.

Ýewropa Bileleşiginiň wekili Türkmenistanyň energetika pudagynda ekologiýa taýdan jogapkärli çemeleşmeleri ösdürýändigini belläp, «Türkmennebit» we «Türkmengaz» döwlet konsernleriniň BMG-niň «Nebitgaz pudagynda metan» atly ählumumy başlangyjynyň (OGMP 2.0) çäklerindäki işlerine ünsi çekdi. Bu maksatnama metan zyňyndylaryny ölçemek, gözegçilikde saklamak we azaltmak boýunça öňdebaryjy tejribeleri ornaşdyrmaga gönükdirilendir.

Madalinski Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistan we Merkezi Aziýa ýurtlary bilen ekologiýa hem-de arassa energiýa ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny aýtdy. Öňdebaryjy tehnologiýalaryň we döwrebap standartlaryň ornaşdyrylmagy sebitiň durnukly ösüş mümkinçiliklerini giňeltmäge ýardam eder.